Dostum ýatla, sen näçe gezek, Durmuşyňda dyzyňa çöküpdiň. Horlaýan şübheleri kowup, Kyn wagtyň Hudaýa ýüzlenipdiň. Soň ýüregiňi tolgundyryp, Peýda bolupdy şatlykly sesler. // Halas etdi seni ýetişip, Mähirli we Görünmeýän Eller. // Ýatla, näçe Şol Eller seniň Ýürek agyryňy bejeripdi. We seni ýolda ýadan wagtyň, Mähirli ýokary galdyrypdy. Gelen wagty aýralyk birden, Dökülende ýüzüňden gözýaşlar. // Süpüripdi ýuwaşlyk bilen, Şol ozalda Görünmeýän Eller. // Çüý kakylan, Ýaraly Eller, Gutulyş berdi günälilere. Asyrlar boýy hem Şol Eller, Gökden pata berýär adamlara. Gelende günäleriň soňy, Kyn günler ebedi ýitip gider. // Başyma ýaşaýyş täç berer,Taňrymyň Şol Nur Saçýan Elleri. //kwkw kwkw Merci, Seigneur Ҝөјү вə Јери јарадан Рəбдир Glory mkẖlṣy Mi-se bucura inima-n Domnul Un miracolo Je te louerai The Move is on Hatak o̱ haknip okʋt
Song not available - connect to internet to try again?