Adamlar üns beriň Hudaýyň Sözüne, Gymmatlydyr her adam Isa Mesihe, Isa öwrülen gutular dowzahdan, Meniň durmuşym Isanyň elinde. Gögüň-ýeriň Patyşasy Rebbimiz Isa, Patyşalaryň Patyşasy Rebbimiz Isa, Meniň Hudaýym ýeke-täk Isa, Meniň durmuşym Isanyň elinde. Hudaýyň keşbi Isanyň Özi, Isanyň Özi Hudaýyň Sözi, Hudaýyň Sözi älemi ýaratdy, Meniň durmuşym Isanyň elinde. Ýürekden agtargyl Hudayň ýüzüni, Kalbyňa çagyrgyl Isa Mesihi, Ýerine ýetirgil Hudaýyň islegini, Meniň durmuşym Isanyň elinde. Isada günäden, gutulma bardyr, Isada dirilik çeşmesi bardyr, Isada Ebedi Ýaşaýyş bardyr, Meniň durmuşym Isanyň elinde. Her kimiň bolsa Halasgäri Isa, Her pursat ýetişer Hudaý dadyňa, Elmydam ýagşylyk et sygynyp Isa, Meniň durmuşym Isanyň elinde. Her kim sygynsa Isa Mesihe, Baky alkyş okasyn Ata-Hudaýa, Çünki Hudaý saýlady, bizi Mesihde, Meniň durmuşym Isanyň elinde. Isada halas bolan bagtlydyr, Isada wepaly ýaşan bagtlydyr, Hudaýyň sowgadyna ýeten bagtlydyr, Meniň durmuşym Isanyň elinde.Տար Ինձ Տեր,Քեզ Մոտ يا يسوع لك عمرى qdd ạ̉ttnạ 奇妙之神 No puede estar triste un corazón Jesosy Kristy Tompo o hianao no antenaiko Напутственная песнь Мы поднимаем наши руки wǒ men dōu kàn dào Аз руҳи Худ лабрез намо
Song not available - connect to internet to try again?