Eý doga, eý doga! Rebbimiz berdi seni. Kyn durmuşda, göreşlerde Göge galdyrdyň meni. Uzak gije ýatmadym, Dyzyma çöküp durdum, Ýürekde Hudaýa ýüzlendim: «Eý Hudaý, meni eşit! Kynçylyklaň içinde Sen kömek et, men tapdan düşdüm.» Daşarda ýel seslenip dur, Dyngysyz gar ýagyp dur, Ýüregimde şol howa deý, Özüne ýer tapman dur. Ýürekde umyt bilen, Gözümde ýaşym bilen, Men Isa Mesihe ýalbardym: «Eý Hudaýym, Sen görýäň, Ýürekde men gynanýan, Ysgyndan gaçdym we ýykylýan.» Gaýgysyz, ýeňil durmuşa Hudaýym men gaçmaýan. Goý, gaýga we kynçylyga Ýolumda duş bolaýyn. Ýöne meniň dilegim, Ruhdan düşen mahalym, Hemişe Seniň Güýçli Eliň, Meniň egnimde bolsun, Durmuş söweşlerinde Meni mähirli ruhlandyrsyn. Eý doga, eý doga! Saňa çäksiz minnetdar, Hudaýym güýjüňe şöhrat, Sen hemişe wepadar. Mukaddes söýgide Sen Az güýjüme güýç goşduň, Gowşaklanyp güýçden gaçamda, Gökden ýürege ýakyn Aýratyn bir ses geldi, Men dogadan şatlyk gazandym. Eý doga, eý doga! Rebbimiz berdi seni. Kyn durmuşda, göreşlerde Göge galdyrdyň meni.Io ti prego o Dio Амин! Амин! Son sang efface I giorni di Elia Miracolo d'amore Славною рекою льется Божий мир Hamt Edip لو تعرف يسوع الرب نورى وخلاصي Приди, время пришло поклониться
Song not available - connect to internet to try again?