Eý janym Hudaýyňa, Alkyş oka, alkyş oka. Onuň ähli ýagşylygyn, Unutma sen, unutma. Ýazyklaryň bagyşlaýan, Hudaýyňdyr, Hudaýyň. Keselleriňi bejerýän, Taňryň Isa, Taňryňdyr. Eý janym, seň Hudaýyň, Rehimdar hem mähribandyr. Ebedi gaharlanmaz, Islegiňi bitirýändir. Ol biziň günälerimize, Laýyk jeza bermedi. Ýazyklarymyz üçin bizi, Huzuryndan kowmady. Eý janym, seni Taňryň, Ogullyga alandyr. Haýpy gelip, Ataň bolup, Seni güýçli söýýändir. Biziň bar ejizliklerimizi, Hudaýymyz bilýändir. Biziň toprakdandygymyzy, Ýadynda saklaýandyr. Gijeler arkaýyn ýatýan, Çünki Hudaý Galamdyr. Gündizler arkaýyn gezýän, Çünki Taňrym Penamdyr.Potôčik náš milý Раб Бени Дирилтеджек يا سيدي املأ قلبي Dari III Track 02 هل يعقل Des sommets, le torrent descend Молитва Noche De Paz Xiristiyan im Serbilind im Ráč ľahké odpočívanie umrelým dať, ó, Pane
Song not available - connect to internet to try again?