Hudaýsyz durmuş - bu durmuş däldir, Hudaýy tanamak özüňe baglydyr, Iman bilen kabul edeýin diýseň, Taňrynyň Ruhy seniň üstüňdedir. Gudratly kölegede oturan, Dünýäde bar zada Patyşadyr Ol, Umyt bilen halas bolaýyn diýseň, Çagyr häzir, ýüregiňe girer Ol. Günälere çydap bilmän, Haça berdi Özüni Ol, Bar günäni alaýyn diýip, Gurban etdi janyny Ol. Mukaddes Sen Rebbim Isa, Rehimdarsyň Rebbim Isa, Ölüm günäsini ýeňip, Direldiň Sen Rebbim Isa. Bütin ýüregimden şükür edeýin, Isa Atly Halasgäri berdiň Sen, Taňrylar arasynda Ýeke-täk Taňry, Hem rehimli, merhemete baýdyr Ol. Huzuryňa öwrülemde, Ol sesimi eşitdi. Mähribanlyk edip Ol, Durmuşyma goşuldy. Ýa Reb Isa, Seni beýgelderin, Şypa berdiň wagtynda Sen, Garaňkylykdan çekip çykardyň. Halas etdiň wagtynda Sen. Eziz halkym şükür ediň, Nagma aýdyň adyna Oň, Goý ak pata bersin Ol, Öz imanly halkyna Ol.主的门徒不怕危险 إنما الرب نصيبي Himak a̱ sai on okhlilit taiyaha Я Раб мерхамет ет Yorğun, üzülmüş ürəyimlə Я увижу Тебя ربي إليك أدنو بقلبي Sinar Fajar Yang Baka Mám už všetko Eu Te exalto
Song not available - connect to internet to try again?