Iki müň ýyl geçip gitdi aradan, Halasgäriň dogulanyna eneden, Dünýä Ony tanamady, bilmedi, Tananlar ebedi bile ýöredi! Toprakdan adamzady ýaradan, Bu Hudaýyň Gudraty dälmikä? Hudaý Sözi adam bolup gelipdi, Bu-da bolsa Hudaýyň bir Gudraty! Näçe hanlyk geçip gitdi dünýäden, Isaň Sözün eşidýänçe, gülýänçe, Näçe asyr geçip gitdi aradan, Isaň Sözi bize gelip ýetýänçe! Günäli men Atajanym öňüňde, Oglyň baryn eşitmedim, bilmedim, Oglyň baryn eşidende Atajan, Şol wagt kabul ederin diýip öýtdüm. Kyn boldy kabul etmek Isany, Pygamberi Ol orsyň diýen men, Hakykat hem ýeňip çykdy bir ýandan, Hakykaty giňişleýin bilen men! Guwanç bilen kabul etgil eý, halkym! Bu Täzelik ýetip geldi bize-de, Hudaýyma müň bir şükür aýdaryn, Hudaý - Oglyn tanyşdyrdy bize-de! Geçen günlere oý berip oýlansam, Nazar salyp arkama men seretsem, Ýüreklerim ezilýändir Atajan, Günä diýen batgada men batypdym! Şol batgadan Isa meni çykardy, Ýol görkezdi Iýerusalim şähere, Şükür aýdyp Asmandaky Atama, Sygynaryn bu gün men-de Isa-a! Ömürini-de, ölümini-de Isanyň, Pygamberler aýdyp gitdi öňünden, Azap çekdi bütin dünýäň halky üçin, Aýlanaýyn Isa diýen Adyňdan! Ýadamazdan duşman maňa kast etdi, Asmandaky jennet diýen ýer üçin, Isa haçda ganyn dökdi bütin il üçin, Şol ganynyň bir damjasy men üçin! Sözleriňi ýüregime ýerleşdir, Döweýin duşmanyň men gylyçyn, Näme etsem, näme kylsam aklaryn Haçda döken ganyň şol damjasyn?!Il (mio) credo Мой Спаситель Жив Peuple de Dieu, proclame Мне без Тебя не жить Saňa Isa men minnetdar ьовгю ве йюджелик иса'я Аспандағы жарық күн қызарып барып батпай ма Gesù che meraviglia tu sei Only a Holy God Өрүнд мини ду
Song not available - connect to internet to try again?