Beýik Hudaý göge diräp depesin, Synlap otyr adamzadyň günäsin, Günä siňen ýürekleriň hapasyn, Geçmek üçin garaşýandyr öýkesiz. Dünýäniň günäsin görüp göz bilen, Günä şärik bolman bütin il bilen, Günäden, dowzahdan gutulmak üçin, Hudaýymyz Isa Ýeke-täk ýoldyr! Günäni adamdan ýok etmek üçin, Parahatlyk böwedinde durýan Sen, Atamyň ýolunda ýaşan halklaryň, Ebedi geljege alyp barýan Sen! Dünýäň ýüzi günäden dolydyr häli, Sapaly durmuşa gadam basaly, Şöhratly Hudaýym gökden gelende, Huzurynda çirksiz gaýrat tapaly. Kaksaňyz gapyny açylar size, Ýürekden dileseňiz berler size, Baky Patyşalygyna ýetirmek üçin, Rebbim sabyrlydyr garaşar bize. Hudaýy gözleseňiz, taparsyz Ony, Ýürekde saklap ýazyň siz muny, Rebbim çykarar garaňkydan sizi, Rebbim gözünden sypdyrmaz bizi. Isaga sygynyň jany-ten bilen, Isa gujak açar güler ýüz bilen, Rebbim halas eder iki el bilen, Rebbim ýaşap galar ebedi siz bilen. Hudaýyň islegine görä ýaşasaň eger, Durmuşyň parahatly üýtgeşik bolar, Uzak ömürler bilen maksat-muratda, Mübärek Hudaýymyzy patasy bolar. Göklerde çüýremez baýlyklar ýygnaň, Ýerde wagtlaýyn sylagyňyz bilen, Göklerde görünmez Watanymyz üçin, Çakylygyna mynasyp gulluk edeliň. Isany alkyşlaň aýdym-saz bilen, Isany garşylaň uly toý bilen, Ilim garşylasyn desse gül bilen, Şöhraty beýgelsin beýik halk bilen.Твоя път Usami Signor Tentaklik К Тебе, Господь прихожу, И благодарность свою приношу: yạ nạs ạ̉nạ qlby ạ̹kẖtạr Keď divy tvojej moci zriem mḥbẗ ạlạbn ạlḥbyb Largo camino hay que recorrer lmạ btạ̉ml Калбиниз Кайгъланмасън
Song not available - connect to internet to try again?