Meniň Rebbim sönmez Baky Çyradyr, Owaldan bar bolan baky Hudaýdyr, Meni halas eden Halasgär Isa, Sizi halas etjek Isa Hudaýdyr, Hudaýyň öýünde toýlar başlanar! Isanyň öýünde toýlar başlanar! Her gün Rebbimden rehim soraýan, Her gün Rebbimden goltgy soraýan, Her gün Rebbimden pata soraýan, Rebbimiň öýünde toýlar başlanar! Isanyň öýünde toýlar başlanar! Imanlylar bilen ýygnaklar guraly, Mätaçlere elmydam ýagşylyk kylaly, Hudaýyň Hoş Habaryn yglan edeli, Hudayň hak işlerin yglan edeli, Atamyň öýünde toýlar başlanar! Isanyň öýünde toýlar başlanar! Isa geler bir gün göklerden düsüp, Dünýä haýran bolar Rebbimi görüp, Täze şäher geler şöhlesin saçyp, Asman Şalygynda toýlar başlanar, Jennetiň jaýynda toýlar başlanar! Mynasyp bolanlar Rebbiň Öýüne, Wada berdi Rebbim Jennet Öýüne, Rehim kylsa alar Behişt Öýüne, Taňrynyň Öýünde toýlar başlanar! Atamyň Öýünde toýlar başlanar! Isa Mesihe sygynyp duýdyryp aýdýas, Uklaman oýada ýygnak guralyň, Şunlukda ebedi Reb bilen bolarys, Rebbimiň öýünde toýlar başlanar! Mesih Guzynyň Toýy başlanar! Asman Şalygynda toýlar başlanar!Dillarida Xudo oʻzbegim I Տեր,Տուր Ինձ Այն Հոգին Арнадым әнімді ạ̹swd ạ̹swd انا معاك Firme es cual firme roca 神的儿女要有信心的眼 Cuando venga el Señor Азалда Калом бор эди Iysa, Iysa, O Iysa
Song not available - connect to internet to try again?