Rebbim agyr günleň kerwenin çekdi, Ýerler hem çydaman ýaryldy birki, Asmanda ýyldyrym çakanda hälki, Rebbim haçda çüýlenipdi ilki. Haçda görüp gözümize ýaş aýlandy, Ýüreklerimiz gan içinde çaýkandy, Şeýle jeza hiç bir kime bolmandy, Isa Hudaýymyň Gudraty - Gudrat! Isam - Sen güýç alyp ynamdan kuwwat, Rebbime kär etmedi berlen ezýet, Duzak bolup ýykyp bilmedi töhmet, Ölmez-ýitmez güýje dönen Hudaýym! Rebbimi ölüme höküm etdiler, Ony orta goýup urup, depdiler, Ölümden direldi, dolanda möhlet, Iň agyr jezadyr - toslanan töhmet! Daşarymda dolup-daşýan bu gandyr, Men seni ýeke goýman diýeni aýandyr, Şu söz maňa kuwwat berdi ýeke-täk, Gudrat bilen ýaşaýaryn ynamda ikiçäk! Isam aýlandym men tebipleň ýaryn, Elden gidirdim men saglygyň baryn, Kastyma çykypdy iblisiň baryn, Halas etdiň wagtynda Sen Hudaýym! Isam ýalkanymda agyrlydy başym, Başymdan aýryldy dert diýen daşym, Ýürekden syzylýar gözdäki ýaşym, Şöhrat bolsun Saňa Isa Hudaýym!Senga Rabbim Stvorenie nové تانگریم هِر فُرصات He, Jesosy Tomponao И вот промчался еще день Если солнце в тучах скрылось Dans les jours où tout est joie Jó ez az érzés 03 Track 03 hnʿdy mʿạk fwq ạ̉ḥzạnnạ
Song not available - connect to internet to try again?