Kim bererkä maňa gözýaşlary, Çyn ýürekden aglardym şonda. Ýürekden aýyrmaga şübheleri Rahatlygy nirden alaýyn. Akýar şa Dawudyň gözýaşlary, Altyn, kümüş azmyka onda. // Ýok, aglaýan, sebäbi Hudaýdan men Daşlaşyp barýanymy görýän. // Agla ýürek, Merýem ýaly agla, Dyza çöküp, ýüzlenip Isa. Isaň aýaklaryn gözýaşda ýuwup ýüregine rahatlyk tapdy. Kim bererkä toba gözýaşlary, Petrusyň gözýaşlary kimin, Aglaýan şägirdini görüp Hudaý, Biwepalygyn bagyşlady. Meniň dogamy eşideniňe, Hudaýym berk ynam ber maňa. // Ýerdäki durmuşymda hemişe men Seniň üçin hyzmat ederin. //Ah, tulla jo Sun valtakuntasi suo Госпад - Ісус Өзүң даңктап Սուրբ ես Սուրբ ես Худованд Чўпон, Чўпоним Менинг ما إلي غيرك ИСА, ГИСМӘТИМСӘН ҺӘЈАТЫМДА fyk mạ ạ̉rjw wạ̉ktẖr Jeg vet ei hvorfor himlens Gud Эй Худованд
Song not available - connect to internet to try again?