Dostum ýatla, sen näçe gezek, Durmuşyňda dyzyňa çöküpdiň. Horlaýan şübheleri kowup, Kyn wagtyň Hudaýa ýüzlenipdiň. Soň ýüregiňi tolgundyryp, Peýda bolupdy şatlykly sesler. // Halas etdi seni ýetişip, Mähirli we Görünmeýän Eller. // Ýatla, näçe Şol Eller seniň Ýürek agyryňy bejeripdi. We seni ýolda ýadan wagtyň, Mähirli ýokary galdyrypdy. Gelen wagty aýralyk birden, Dökülende ýüzüňden gözýaşlar. // Süpüripdi ýuwaşlyk bilen, Şol ozalda Görünmeýän Eller. // Çüý kakylan, Ýaraly Eller, Gutulyş berdi günälilere. Asyrlar boýy hem Şol Eller, Gökden pata berýär adamlara. Gelende günäleriň soňy, Kyn günler ebedi ýitip gider. // Başyma ýaşaýyş täç berer,Taňrymyň Şol Nur Saçýan Elleri. //توولوردون دەڭىزدەن АЗ ЗНАМ, ЧЕ ТИ Tu sei la vita Иса да Бир Чоджукту ماداقتاندار قۇدايدى كيەلى ۇيىندە Salvador mío. como Tú eres احبك ربي يسوع Samoviy Otamizga Raqmet, Saǵan Qudaı Iem! Ҷалол бар номат
Song not available - connect to internet to try again?