Eý janym Hudaýyňa, Alkyş oka, alkyş oka. Onuň ähli ýagşylygyn, Unutma sen, unutma. Ýazyklaryň bagyşlaýan, Hudaýyňdyr, Hudaýyň. Keselleriňi bejerýän, Taňryň Isa, Taňryňdyr. Eý janym, seň Hudaýyň, Rehimdar hem mähribandyr. Ebedi gaharlanmaz, Islegiňi bitirýändir. Ol biziň günälerimize, Laýyk jeza bermedi. Ýazyklarymyz üçin bizi, Huzuryndan kowmady. Eý janym, seni Taňryň, Ogullyga alandyr. Haýpy gelip, Ataň bolup, Seni güýçli söýýändir. Biziň bar ejizliklerimizi, Hudaýymyz bilýändir. Biziň toprakdandygymyzy, Ýadynda saklaýandyr. Gijeler arkaýyn ýatýan, Çünki Hudaý Galamdyr. Gündizler arkaýyn gezýän, Çünki Taňrym Penamdyr.Nie bój się, nie lękaj się Söz Живеех аз във мрак Libera di essere me بمحبتك حررتني A radost proudí تعليق 3 Ha az Úrnak lelke rám száll Juble nu du glade hjerte Bare korsets vei
Song not available - connect to internet to try again?