Günbe-günden artýar gaýgy-alada, Çykmaga ýol ýok, ýagty jahana, Garaňkylyk basýar, nur ýok dünýäde, Hudaýymy tanaman arzuw-hyýalda. Birdenkä dyngysyz gapym kakylýar, Gapyňy aç, gapyňy aç diýip gygyrýar. Kim geldikä diýip açdym gapyny, Sypalady kellämden egip başymy. Mähribanym kimkä diýip seretsem, Ak eşikli, altyn guşak dur öňümde, Kabul etseň girmek isleýän diýdi, Seniň aladaňy paýlaşýan diýdi. Begenjimden rahatlyk geldi kalbyma, Düýşümmikä, huşummykä diýdim men Oňa, Gorkumdan ýykyldym aýak astyna, Sen meniň saýlanym diýdi Ol maňa. Hudaýym, Hudaýym - diýip agladyň, Ejir çekdiň, ençe ýyllar Mensiz sen, Ine geldim Men bu gün seniň ýanyňa, Mugt bereýin Söýgimi şirin janyňa. Ýagtyldy öýümde, öçmez çyralar, Aýryldy öňümde dagdyr-derýälar, Ýürekde joşýar arzuw hyýallar, Taňrym Isa Seni tanan günümden. Gaýgy-aladam diýip dünýä geldiň Sen, Günälerim üçin haçda öldiň Sen, Meni bar günämden azat etdiň Sen, Taňrym Isa Seni tanan günümden. Irden turup Huzuryňa gelýärin, Barlygyňa Saňa şükür edýärin, Kim tagzym edýänimi bilýärin, Taňrym Isa Seni tanan günümden.Онун гиби дириледжеиз Аллах'ън Севгиси sẖkraⁿạ Herr ich komm zu dir I Prophesy Biz qurtarıb yığıncağı evə gedirik Czy bracie się spotkamy nʿln mjdk + ṣlạẗ Şan ve şeref Îngenunchiat în faţa crucii stau
Song not available - connect to internet to try again?