Hudaý Saňa minnetdar, Meni dünýä ýaratdyň, Otuz ýedi ýaşyma deň, Öz ugryma goýberdiň. Agyr ýüküň astynda, Saňa tarap öwrüldim, Ýüregimden seslenip, Umyt bilen ýüzlendim. Kömek soradym Senden, Perýadymy eşitdiň. Göklerden nazar salyp, Men dadyma ýetişdiň. Isa Saňa minnetdar, Rehimiň bilen gurşadyň, Mukaddes Ruhuň bilen, Durmuşyma ornaşdyň. Atam Saňa minnetdar, Aklym gözüm açdyň Sen. Taňrym Isa Mesihde, Günälerim geçdiň Sen. Taňrym Saňa minnetdar, Meni Huzuryňa getirdiň. Ogluň Isa Mesihde, Maňa Özüň tanatdyň. Huzuryňda ýaşaýyn, Päk howadan dem alyp, Meni synaga salma, Saňa umyt baglaryn. Aýalym hem çagalarym, Seň penaňda bolsunlar... Saňa baky bagly bolup, Sende sadyk galsynlar. Ýerdäki durmuşymda, Saňa gulluk ederin, Baky Saňa alkyş okap, Huzuryňda bolaryn. Sag bol(Şükür) Atam söýgiňe, Dogry ýola saldyň Sen. Her demimde, dilimde, Saňa alkyş aýdýaryn.Полинути в Небо Timpul este pe sfârşit frate eşti tu pregătit ạllh fy wsṭhạ Бата болуп, көктөн бизге түштүң Tu eşti uşa prin Tine vom intra Čas radosti Waiting On The Night To Fall Ja srdce plné Görkem Kralı Mio Signore vengo a te
Song not available - connect to internet to try again?