Hudaý Saňa minnetdar, Meni dünýä ýaratdyň, Otuz ýedi ýaşyma deň, Öz ugryma goýberdiň. Agyr ýüküň astynda, Saňa tarap öwrüldim, Ýüregimden seslenip, Umyt bilen ýüzlendim. Kömek soradym Senden, Perýadymy eşitdiň. Göklerden nazar salyp, Men dadyma ýetişdiň. Isa Saňa minnetdar, Rehimiň bilen gurşadyň, Mukaddes Ruhuň bilen, Durmuşyma ornaşdyň. Atam Saňa minnetdar, Aklym gözüm açdyň Sen. Taňrym Isa Mesihde, Günälerim geçdiň Sen. Taňrym Saňa minnetdar, Meni Huzuryňa getirdiň. Ogluň Isa Mesihde, Maňa Özüň tanatdyň. Huzuryňda ýaşaýyn, Päk howadan dem alyp, Meni synaga salma, Saňa umyt baglaryn. Aýalym hem çagalarym, Seň penaňda bolsunlar... Saňa baky bagly bolup, Sende sadyk galsynlar. Ýerdäki durmuşymda, Saňa gulluk ederin, Baky Saňa alkyş okap, Huzuryňda bolaryn. Sag bol(Şükür) Atam söýgiňe, Dogry ýola saldyň Sen. Her demimde, dilimde, Saňa alkyş aýdýaryn.Я свободен жить Holy Ground Память моя تابىنام Pris vår Gud yạ rạfʿy شكرا ليك على الحرية ʿlq ạ̉sẖwạqy bsmạk 主啊我们要传扬你奇妙的名 Життя моє - Христос
Song not available - connect to internet to try again?