Geliň söýgili doganlarym, Reb Isany alkyşlalyň! Düzüp-düzüp Oňa goşgy, Reb Isany şöhratlalyň! Düzüp-joşup Oňa mezmur, Dawut ýaly şöhratlalyň! Geliň Ony alkyşlalyň, Dawut ýaly şöhratlalyň! Geliň dostlar alkyşlalyň, Reb Isany şöhratlalyň! Ozal-başda barlygynda, Älem-jahan ýaradyldy. Onuň üçin ýaradyldy, Geliň Ony alkyşlalyň! Ol arkaly ýaradyldy, Geliň Ony şöhratlalyň! Biziň üçin ýere geldi, Haçda günäm üçin öldi. Ölüm jezasyny ýeňdi, Geliň Ony alkyşlalyň! Ölüm jezasyny ýeňdi, Geliň Ony şöhratlalyň! Üç günden soň direldi Ol, Şägirtlerine göründi Ol. Şalygyna alyndy Ol, Ýerde Ony alkyşlalyň! Ata bilen birleşdi Ol, Ýerde Ony şöhratlalyň! Ol Gutulyş hem Direliş, Ol Hakykat hem Ýaşaýyş! Ol Ebedi, Baky Durmuş, Geliň Ony alkyşlalyň! Ol Ebedi, Baky Durmuş, Geliň Ony şöhratlalyň! Ol Ýeke-täk Hudaýymyz, Ol Ebedi Çöregimiz! Ol Ýagtylyk Çyragymyz, Geliň Ony alkyşlalyň! Ol Ýagtylyk Çyragymyz, Geliň Ony şöhratlalyň! Ol Atamyz hem Patyşamyz, Ogul bolmak isleseňiz, Oňa iman eden ynsan, Dawut ýaly alkyşlasyn! Iman eden her bir ynsan, Reb Isany şöhratlasyn! Ol Atamyz Kyn günde hem ýanymda, Şat günümde hem ýanymda. Çagyranda hem ýanymda, Geliň Ony alkyşlalyň! Ömür baky biziň bilen, Geliň Ony şöhratlalyň! Bu günlere kimler ýetdi, Reb Isany kimler bildi?! Baky Durmuş aýan boldy, Geliň Ony alkyşlalyň! Baky Durmuş aýan boldy, Geliň Ony şöhratlalyň! Şu öýlere geliň dostlar, Doga-dileg ediň dostlar! Iman edip her bir ynsan, Reb Isany şöhratlasyn! Her bir ynsan söýüp Rebbi, Dawut ýaly alkyşlasyn! Dawut ýaly şöhratlasyn!Come potrei nascondere За тебя Иса жүзім бұтағы Súıemin Isa ۅزۉڭۅ تەڭىر جاقىندات مەنى بمراحمك هاغني Месих ЬОлюмден Дирилди Tu sei il mio Dio J'ai tout quitté pour te suivre ạ̉mạmk yạ mn bdẖlt ạldm
Song not available - connect to internet to try again?